Lebabyň Kerki, Dänew, Halaç etraplarynyň ýüpekçileri ilkinji bolup pile tabşyrdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebabyň Kerki, Dänew, Halaç etraplarynyň ýüpekçileri ilkinji bolup pile tabşyrdylar
Keteni matasynyň dokalýan pursady

Lebap welaýatynyň Kerki, Dänew we Halaç etraplarynyň ýüpekçileri welaýatda ilkinji bolup, pile tabşyrmagyň meýilnamasyny üstünlikli berjaý etdiler. Bu barada “Türkmen gündogary” gazeti penşenbe güni habar berdi.

Habarda belleilişi ýaly, Kerki etrabynyň ýüpekçileri 85 tonna 200 kilogram, Dänew etrabynyň ýüpekçileri 140 tonna 61 kilogram, Halaç etrabynyň ýüpekçileri hem 147 tonna golaý pile tabşyrdylar.

Lebaply ýüpekçiler şu ýyl döwlet harmanyna 1010 tonna pile tabşyrmagy maksat edinýärler.

Lebap welaýatynyň ýüpekçileri geçen ýyl döwlet harmanyna pile tabşyrmak boýunça borçnamalaryny üstünlikli berjaý edip, meýilleşdirilen 1010 tonnanyň ýerine 1060 tonna pile tabşyrdylar.

Türkmenistanda ýüpek önümçiligi tut agaçlarynyň ösdürilip ýetişdirilmegi bilen başlanýar. Agaçlar ýetişenden soň, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Türkmenýüpek” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti daýhanlara gurçuk tohumyny paýlaýar. Bu tohumlar tut ýapraklarynda kölegede saklanýar. Tohumlardan ýüpek gurçuklary çykyp, pile öndürýänçäler tut ýapraklaryny iýýärler. Soňra bu pileler gaýnadylyp, ýüpek mata öndürilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022