Lebap welaýatynyň ýüpekçileri döwlet harmanyna pile tabşyrmak boýunça borçnamalaryny üstünlikli berjaý edip, meýilleşdirilen 1010 tonnanyň ýerine 1060 tonna pile tabşyrdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, şertnamalaýyn borçnamanyň artygy bilen berjaý edilendigine garamazdan, döwlet harmanyna senagat üçin gymmatly çig mal bolan pile gelip gowuşmagyny dowam edýär. Şu ýyl welaýatyň kärendeçileriniň 21 müňden gowragy ýüpekçilik bilen meşgullandy.
Döwlet harmanyna Kerki etrabynyň ýüpekçileri 85 tonna, Hojambaz etraby 100, Dänew etraby 140, Saýat etraby 185 tonnadan geçirip pile tabşyrdy. Çärjew etrabynyň ýüpekçileri bolsa tutuş welaýat boýunça iň ýokary netijäni gazanyp, 261 tonnadan gowrak pile öndürdiler.
Pile kabul ediş nokatlarynda ýygnalan pile guradylyp, möwsüm tamamlanandan soň, Türkmenistanyň ýüpekçilik kärhanalaryna gaýtadan işlemek üçin ugradylýar.