Türkmen kompaniýalary Dubaýdaky tebigy we organiki önümleriň halkara sergisine çagyrylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýalary Dubaýdaky tebigy we organiki önümleriň halkara sergisine çagyrylýar
“Middle East Organic & Natural Products Expo 2023” atly tebigy we organiki önümleriň halkara sergisi, 2023-nji ýylyň 12-14-nji dekabry, Dubaý, BAE (Surat: russianemirates.com)

Türkmen kompaniýalary Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherindäki Bütindünýä söwda merkezinde 2024-nji ýylyň 18 – 20-nji noýabry aralygynda geçiriljek “Middle East Organic & Natural Products Expo 2024” atly tebigy we organiki önümleriň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu sergi her ýyl BAE-li alyjylardan başga-da, Bahreýn, Oman, Katar, Eýran, Saud Arabystany, Müsür, Kuweýt, Demirgazyk we Günorta Afrika, Hindistan ýaly ýurtlardan we Ýewropa Bileleşiginden gelýän myhmanlary özüne çekýär.

“Middle East Organic & Natural Products Expo 2024” organiki, tebigy we ekologiýa taýdan arassa önümleriň lomaý hem bölek satuw söwdasy üçin Ýakyn Gündogaryň öňdebaryjy platformasy bolup durýar.

Bu halkara sergi öndürijileri, markalary we üpjün edijileri, alyjylary, organik hem tebigy azyk önümleri, içgi, kosmetika, saglyk, oba hojalygy, daşky gurşaw we durnukly ösüş üçin zerur önümler bilen gyzyklanýan paýlaýjylar bilen baglanyşdyrýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022