Türkmenistanyň Prezidenti “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Wozroždeniýe” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Bukato bilen duşuşygy, 2024-nji ýylyň 17-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Aşgabatda “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşigi habar berdi.

Duşuşygyň başynda Igor Bukato Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi we Türkmenistan bilen ýola goýlan netijeli işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga rus kompaniýasynyň uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň indi köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda üstünlikli işleýändigini, özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezendigini kanagatlanma bilen belledi hem-de halkara hil ülňülerine laýyk gelýän bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy hem muňa şaýatlyk edýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany “Magtymguly Pyragy” medeni seýilgäh toplumynyň çäklerinde rejeleýiş we dizaýner işlerini ýerine ýetiren “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň goşandyny belledi we seýilgäh toplumynyň baş şäheriň täze, ajaýyp desgalarynyň birine hem-de şäher ýaşaýjylarynyň, şol sanda döredijilik işgärleriniň dynç alýan merkezine öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň innowasion ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen ähli ulgamlarda iň gowy daşary ýurt tejribesini we döwrebap işläp taýýarlamalary peýdalanmagy ugur edinýändigini hem-de russiýaly hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda işewür hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň özüne bildirilýän ynama buýsanýandygyny, geljekde hem öz üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine çynlakaý we jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

2022