Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda özara bähbitlilik, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşligiň başynda Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda dostlukly Tatarystana amala aşyrylan saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň mähirli kabul edilendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin Tatarystanyň Baştutanyna ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen-tatar hyzmatdaşlygynda söwda-ykdysady gatnaşyklara möhüm orun degişlidigi bellenildi.
“Biz türkmen-rus döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegini emele getirýän Tatarystan Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýäris” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri, Türkmenistanyň we Tatarystanyň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.