Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Aşgabatda Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy – Prezidentiniň Dolandyryş edarasynyň ýolbaşçysy Akylbek Žaparowy kabul etdi. Duşuşygyň barşynda Akylbek Žaparow özara ýük ibermek işini mundan beýläk-de artdyrmagyň we giňeltmegiň wajypdygyny belledi.
Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň habar bermegine görä , GDA agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy şeýle hem üçünji ýurduň bazarlaryna bilelikde çykmak üçin mümkinçilikleri gözlemegi teklip etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti öz gezeginde iki ýurduň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Duşuşygyň çäklerinde 2023-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 63 million 546 müň ABŞ dollaryna barabar bolandygy bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Akylbek Žaparow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasyna sapar etmeklerine gyrgyz tarapynyň garaşýandygyny aýtdy.