Türkmenistan bilen Gazagystan gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Gazagystan gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenowyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 24-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Aşgabatda Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenowy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Gazagystanyň Premýer-ministriniň metbugat gullugy habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar oba hojalygynda gazak-turkmen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine hem garadylar.

Söhbetdeşligiň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň soňky ýyl boýunça 28 göterim ýokarlanandygy we 563 million ABŞ dollaryna deň bolandygy bellenildi.

Duşuşykda şu ýylyň soňky üç aýynda özara söwda dolanyşygynyň 105 million ABŞ dollaryna barabar bolandygy mälim edildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow şol gün Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Roman Golowçenkony kabul etdi. Bu barada Belarusyň BELTA agentligi habar berdi.

Duşuşygyň barşynda Roman Golowçenko Belarus Respublikasynyň Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini aýtdy.

Premýer-ministr Belarus Respublikasynyň konstruktiw gepleşiklere ygrarlydygyny we iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň bähbidi üçin hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny aýtdy.

Gazagystanyň we Belarus Respublikasynyň Premýer-ministrleri Türkmenistanyň paýtagtynda 2024-nji ýylyň 24-nji maýynda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldiler.

2022