Aşgabatda işewürlik maksatly binalar we ýangyç guýujy beket açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda işewürlik maksatly binalar we ýangyç guýujy beket açyldy
Aşgabat şäheriniň Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda işewürlik maksatly binalaryň açylyş dabarasy, 2024-nji ýylyň 25-nji maýy, Türkmenistan

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda işewürlik maksatly binalaryň birbada 8-si, şeýle-de Köpetdag etrabynyň Ankara köçesiniň ugrunda awtoulaglara ýangyç guýujy 142-nji bekediniň durky düýpli täzelenen desgasy açylyp ulanmaga berildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň şenbe güni habar bermegine görä, “Garagum” myhmanhanasyna golaý çäkde ýerleşýän desgalara “Nur bina gurluşyk”, “Bina nury”, “Ýakymly kümüş suwy”, “Türkmen bina gurluşyk”, “Ylham senagat”, “Nurly meýdan”, “Bagtyýar gurluşyk” diýen atlar dakyldy.

Desgalaryň birinji gaty söwda we hyzmat ulgamynda iş alyp barýan telekeçileriň garamagyna berlip, olarda dükanlar, hyzmat ediş bölümleri, garbanyşhanalar ýerleşýär.

Habarda bellenilişi ýaly, binalaryň ýokarky gatlary telekeçiler üçin edara ediş ýerleri hökmünde ulanylar. Iş otaglarynda häzirki zaman tehnologik enjamlary ornaşdyrylyp, bu ýerde işewürlik duşuşyklaryny we dürli çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi.

Şeýle hem durky düýpli täzelenen awtoulaglara ýangyç guýujy 142-nji beket bir gije-gündizde dürli kysymly awtoulaglaryň 1500-den gowragyny kabul edip bilýär.

Ýangyç guýujy bekediň 1 gektarlyk çäginde dolandyryş binasy, her biriniň göwrümi 60 kub metr bolan ýangyç saklanýan desgalaryň 5-si we beýleki inženerçilik düzümleri ýerleşdirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022