Wenada türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň mejlisinde birnäçe resminamalara gol çekiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Wenada türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň mejlisinde birnäçe resminamalara gol çekiler
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 11-nji mejlisi, 2022-nji ýylyň 30-njy noýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň 4-5-nji iýunynda Wenada türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň 12-nji mejlisiniň hem-de işewürler duşuşygynyň geçiriljekdigini we onuň çäklerinde bilelikdäki resminamalara gol çekiljekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, mejlisiň barşynda senagatda innowasion tehnologiýalar, energetika, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, ekologik taslamalar we galyndylaryň dolandyrylyşy, gurluşyk hem-de ulag infrastrukturasy, hyzmatlar ulgamy, saglygy goraýyş, derman senagaty, oba hojalygy we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek ýaly ugurlarda döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem wise-premýer işewürler duşuşygynyň dowamynda Awstriýanyň enjamlary öndürýän kompaniýalarynyň işläp taýýarlamalary bilen tanyşmak, birnäçe ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek meýilleşdirilýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmek, dünýäniň ösen döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmelidigini belledi. Şeýle-de Türkmenistanyň döwlet Baştutany daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryny barha giňeltmegiň zerurdygy barada aýdyp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Raşid Meredow Astana şäherinde geçiriljek “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň duşuşygyny guramak boýunça işleriň alnyp barylýandygy habar berildi.

2022