Astanada Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň duşuşygy meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Astanada Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň duşuşygy meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Ýoko Kamikawa bilen duşuşygy, 2024-nji ýylyň 23-nji ýanwary, Tokio, Ýaponiýa

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Astana şäherinde geçiriljek “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň duşuşygyny guramak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Raşid Meredow mejlisiň dowamynda hyzmatdaşlygyň dürli ulgamlaryny gurşap alýan we gol çekilmegi meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn resminamalar barada hem belläp gaçdy.

Şeýle-de mejlisiň barşynda möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolan Malaýziýa bilen özara gatnaşyklar barada aýdylyp, döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe teklipler beýan edildi.

Wise-premýer Türkmenistanyň 2022-nji ýylda “Merkezi Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş edendigini aýdyp, bu başlangyjy iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, şu ýylyň ikinji ýarymynda Türkmenistanda halkara duşuşygy ýa-da maslahaty geçirmegi teklip etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow beýan edilen teklipleri goldap, ýokary derejede geçiriljek gepleşiklere, saparlara, dürli görnüşdäki duşuşyklara ünsi çekdi hem-de wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysyna ähli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

2022