Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew sişenbe güni Aşgabatda Hytaýyň CNPC kompaniýasynyň ýurtdaky şahamçasynyň ýolbaşçysy Çen Huaýlun bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, duşuşyga Hytaýyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen hem gatnaşdy.
Duşuşygyň barşynda taraplar özara bähbitli türkmen-hytaý gatnaşyklaryny dürli ugurlarda, şol sanda ýangyç-energetika pudagynda giňeltmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda bu babatda ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň barşy, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Türkmen tarapynyň wekili nebitgaz senagatynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudagydygyny, onuň ýurduň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösüşini üpjün etmekde uly orun eýeleýändigini belledi.
Türkmenistan halkara maýadarlara dünýäniň gury ýer giňişligindäki iň iri gaz ýatagy bolan “Galkynyş” gaz känini gaýtadan işlemek boýunça taslamalary teklip edip biler diýip, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew şu ýylyň aprel aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilen halkara forumyň (TEIF 2024) açylyş dabarasyndaky çykyşynda belledi.