Türkmen wekiliýeti Gruziýada BSG-na agza bolmak tejribesini öwrenýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen wekiliýeti Gruziýada BSG-na agza bolmak tejribesini öwrenýär
Türkmenistanyň we Gruziýanyň wekiliýetiniň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 27-nji maýy, Tbilisi, Gruziýa

Türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 27-31-nji maýy aralygynda Gruziýanyň Tbilisi şäherine Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmak üçin gepleşiklerde öňdebaryjy tejribe alyşmak, şeýle hem milli söwda syýasatyny öňe sürmek boýunça okuw saparyny amala aşyrýarlar.

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, türkmen wekiliýetiniň düzümine ýurduň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, Merkezi bankyň we Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri girdi.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrligindäki kärdeşleri, Daşary işler ministrliginiň, ýurduň salgyt gullugynyň we gümrük departamentiniň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi.

Duşuşyklaryň dowamynda ykdysadyýet we söwda boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar, BSG-na agza bolmagyň prosesi, esasy wezipeler hem-de jogapkärçilikler, Gruziýanyň BSG-na goşulmagy we onuň bilen baglanyşykly borçnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem duşuşyklarda Gümrük amallaryny döwrebaplaşdyrmak we ýönekeýleşdirmek, BSG-na agzalygyň çäginde salgyt özgertmelerini durmuşa geçirmek meselelerine hem garaldy.

Türkmenistan 2020-nji ýylyň iýulynda BSG-de synçy derejesini aldy, 2022-nji ýylyň fewralynda bolsa BSG-niň Baş Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda Türkmenistana BSG-na goşulýan ýurt (“işjeň synçy”) derejesiniň berilmegi baradaky karar kabul edildi.

2022