2024: Türkmenistanda şalynyň döwlet satyn alyş nyrhy ýokarlandyryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
2024: Türkmenistanda şalynyň döwlet satyn alyş nyrhy ýokarlandyryldy
Türkmenistanda şaly hasyly ýygnalýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň anna güni gol çeken Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap şalynyň döwlet satyn alyş nyrhy ýokarlandyryldy.

Gol çekilen resminamasyna laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigine, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimliklerine bu welaýatlaryň degişli etraplarynda şalynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Bu resminama Türkmenistanda oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri dowam etdirmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini hem-de daýhanlaryň şalynyň ýokary hasylyny öndürmekde höwesini artdyrmak arkaly azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen kabul edildi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurduň Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda 7-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 14-nji iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi.

Şeýle hem mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

2022