"Türkmenistan" awiakompaniýasy Kazana gatnawlaryny wagtlaýyn togtatdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
"Türkmenistan" awiakompaniýasy Kazana gatnawlaryny wagtlaýyn togtatdy
Aşgabat Halkara howa menzili, Türkmenistan

“Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat-Kazan-Aşgabat ugry boýunça gatnawlar 2024-nji ýylyň 2-nji iýunyndan başlap wagtlaýyn ýatyryldy.

Awiakompaniýanyň ýekşenbe güni habar bermegine görä, Russiýa uçuşlar Aşgabat-Moskwa-Aşgabat ugurlary boýunça amala aşyrylar we raýatlar Aşgabat-Kazan-Aşgabat ugry boýunça satyn alan awiabiletlerini Aşgabat-Moskwa-Aşgabat ugryna ulanyp bilerler.

Aşgabat – Kazan ugry boýunça 2024-nji ýylyň 2-nji iýunyndan 17-nji iýun aralygynda awiabiletleri bolan ýolagçylar Moskwa şäherinden Kazan howa menziline çenli, şeýle hem Kazan – Aşgabat ugry boýunça awiabiledi bolan ýolagçylar Kazan howa menzilinden Moskwa şäheriniň howa menziline çenli tölegsi we rahat ulag bilen üpjün ediler.

Habarda bellenilişi ýaly, Aşgabat-Kazan-Aşgabat ugry boýunça resmileşdirilen awiabiletler, ýolagçylaryň islegleri bilen, Aşgabat-Moskwa-Aşgabat ugry boýunça tölegsiz täzeden ýazylyp beriler. Awiabiletleri kassalarda täzeden resmileşdirilmeginiň zerurlygy ýokdyr. Ýolagçylar awiabiletde görkezilen senä we wagta görä Aşgabat we Moskwa şäherlerindäki halkara howa menzillerine uçuşa hasaba alynýan wagtynda gelmelidirler.

Şeýle-de raýatlar Aşgabat-Kazan-Aşgabat ugry boýunça resmileşdirilen awiabiletleri Aşgabat-Moskwa-Aşgabat ugry boýunça tölegsiz başga senä geçirip bilerler.

Awiakompaniýanyň habarynda bellenilişi ýaly, Aşgabat-Moskwa-Aşgabat ugry boýunça ýerine ýetiriljek gatnawlara awiabiledini üýtgetmek islemeýän ýolagçylar üçin, awiakompaniýanyň häzirki hereket edýän düzgünlerine we görkezmelerine laýyklykda tutumsyz doly yzyna gaýtarylar. Pul serişdeleriniň yzyna gaýtarylmagy diňe awiabilediň satyn alynan ýurdunda amala aşyrylýar.

2022