“Cargolux” Türkmenistana amala aşyrýan uçuşlarynyň sanyny köpeltmegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Cargolux” Türkmenistana amala aşyrýan uçuşlarynyň sanyny köpeltmegi meýilleşdirýär
“Cargolux” awiakompaniýasynyň ýük uçary

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň wekilleri bilen Lýuksemburg Beýik Gersoglygynyň “Cargolux” kompaniýasynyň wise-prezidenti Maksim Ştrausyň arasynda geçirilen duşuşykda kompaniýa Türkmenistana ýerine ýetirýän howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi.

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň şenbe güni habar bermegine görä, “Cargolux” kompaniýasy türkmen tarapy bilen degişli ugurda zerur çäreleri görmäge taýýardygyny aýtdy.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda “Türkmenhowaýollary” agentligi üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, “Cargolux” kompaniýasynyň ýöriteleşdirilen okuw merkezlerinde ýörite okuwlary guramaklyk teklip edildi.

Lýuksemburg Beýik Gersoglygynda ýerleşýän “Cargolux Airlines International S.A.” ýük awiakompaniýasy dünýä boýunça yzygiderli ýük daşamalary amala aşyrýan Ýewropanyň iň uly ulag awiakompaniýalarynyň biridir. “Cargolux” kompaniýasy dürli görnüşli ýükleri, ýagny adaty ýükleri, uly göwrümli harytlary, derman serişdeleri, haýwanlary, gymmat bahaly ýükleri, howply maddalary daşamak üçin hyzmatlaryň giň toplumyny hödürleýär.

2022