"Hazar Logistik" we "Gebrüder Weiss" Türkmenbaşy portunyň logistika mümkinçiliklerine garadylar

BT
"Hazar Logistik" we "Gebrüder Weiss" Türkmenbaşy portunyň logistika mümkinçiliklerine garadylar
Türkmenistanyň "Hazar Logistik" hojalyk jemgyýetiniň we Awstriýanyň "Gebrüder Weiss GmbH" halkara ulag-logistika kompaniýasynyň wekilleriniň duşuşygy, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: "Hazar Logistik")

Türkmenistanyň "Hazar Logistik" hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçylary bilen Awstriýanyň "Gebrüder Weiss GmbH" halkara ulag-logistika kompaniýasynyň wekilleri arasynda işewür duşuşyk geçirilip, taraplar halkara ýük daşamalaryny ösdürmekde Türkmenbaşy portunyň we Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçiliklerinden peýdalanmak meselelerine garadylar. Bu barada "Hazar Logistik" kompaniýasynyň sosial sahypasynda habar berilýär.

Duşuşyga Awstriýanyň "Gebrüder Weiss" kompaniýasynyň taslamalar boýunça ýolbaşçysy Erwin Rösl hem-de esasy müşderiler bilen işlemek boýunça menejeri Johannes Rwaitzner gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar halkara ulag geçelgelerini ösdürmek, özara hyzmatdaşlygy giňeltmek we Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň üsti bilen Merkezi Aziýa ýurtlaryna ýük daşamalaryny guramak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de Hazar deňziniň üsti bilen Türkmenbaşy halkara deňiz portuna getirilýän ýükleri Türkmenistanyň ulag-logistika infrastrukturasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, Özbegistana, Gazagystana we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryna ibermek meselelerine aýratyn üns berildi.

2022
ENG TM РУС