Türkmenistanyň Prezidenti Daşoguzda elektrik beketleriniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Daşoguzda elektrik beketleriniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Daşoguz welaýatynda täze açylan we güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik bekedi, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde çarşenbe güni “Balkan–Daşoguz” ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisini we iki sany elektrik bekedini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, jemi uzynlygy 572 kilometr bolan “Balkan–Daşoguz” ugry boýunça elektrik geçirijisini çekmek boýunça ähli işler türkmen gurluşykçylary tarapyndan amala aşyryldy.

Şeýle hem ýurtda bir bitewi halkalaýyn energoulgamyny döretmegiň taslamasynyň çäginde bu ýerde gurulan iki sany elektrik bekediniň her biriniň güýjenmesi 500 kilowolda deň bolup durýar.

Habarda bellenilişi ýaly, elektroenergetika pudagynyň täze möhüm desgalarynyň – “Balkan–Daşoguz” ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we iki sany elektrik bekediniň işe girizilmegi Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň hem-de mümkinçilikleriniň nyşanyna öwrülen bitewi energetika halkasyny döretmek boýunça ägirt uly taslamanyň üstünlikli tamamlanandygyny alamatlandyrdy.

2022