Türkmenistanda “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasy dörediler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasy dörediler
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow Arkadag şäherinde geçirilen iş maslahatynda hasabat berýär, 2024-nji ýylyň 8-nji iýuny, Türkmenistan

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Arkadag şäherinde geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow ýurtda “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň dörediljekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Arkadag şäherinde geçirilen iş maslahatyna ýurduň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça Döwlet komitetiniň Başlygy Derýageldi Orazow, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Wise-premýer “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynda saglygy goraýyş ulgamynda yzygiderli ulanylýan bir gezeklik lukmançylyk serişdeleriniň, agyz-burun örtükleriniň, düşek daşlyklarynyň öndürilýändigi barada habar berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy başy başlanan işiň üstünlikli dowam etdirilmelidigini, şunda degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde bu önümleri ulanmak we sarp etmek boýunça gollanmalary, düzgünnamalary taýýarlamak hem-de degişli usulyýet işini ýola goýmak babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň önümlerine Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde “satyş markasyny” resmileşdirmek we degişli patentleri bermek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew ýurduň polipropilen hem-de polietilen önümlerinden taýýarlanýan we lukmançylyk edaralarynda yzygiderli ulanylýan sanjym enjamlaryny ulanmak babatda ägirt uly geljeginiň bardygyny habar berdi.

2022