Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda lukmançylyk polipropileniniň, duzunyň önümçiligini ýola goýmagy tabşyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda lukmançylyk polipropileniniň, duzunyň önümçiligini ýola goýmagy tabşyrdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Arkadag şäherinde geçiren iş maslahatynda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Gyýanlydaky polimer zawodynda abatlaýyş işleri geçirilende halkara talaplaryna laýyk gelýän lukmançylyk polipropileniniň önümçiligini ýola goýmak, ýurduň duz ýataklarynda, konserne degişli kärhanalarda halkara görkezijilerine laýyk gelýän lukmançylyk duzuny almak boýunça netijeli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde ulanylýan çig mallara degişli standartlaryň kabul edilmegi we olara halkara güwänamalarynyň alynmagy boýunça zerur tagallalaryň edilmelidigini aýtdy.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde Arkadag şäheriniň merkezi künjeginde taýýarlanylan taslamalar bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow täze şäheriň lukmançylyk klasterine degişli önümçilik desgalarynda öndürilmegi meýilleşdirilýän lukmançylyk serişdeleriniň, saglygy goraýyş enjamlarynyň görnüşleri, olary taýýarlamakda ulanylmagy meýilleşdirilýän ýerli çig mallar barada hasabat berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, görkezilýän şekil taslamalaryň hatarynda lukmançylyk serişdeleriniň görnüşleri, ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän pamyklar, saglygy goraýyş ulgamynda giňden ulanylýan dokalmadyk matadan taýýarlanan bir gezeklik agyz-burun örtükleri, başgaplar, halatlar, ýorgan-düşek daşlyklary, aýakgap örtükleri, hassahanalar üçin zerur bolan dürli enjamlaryň görnüşleri bar.

Şeýle hem bu ýerde ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, şol sanda Arkadag şäheriniň lukmançylyk edaralaryna zerur bolan saglygy goraýyş enjamlarynyň we serişdeleriň her ýylda zerur hasaplanylýan möçberleri baradaky maglumatlara degişli çyzgylar görkezildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen önümçilik toplumlarynda öndüriljek serişdeleriň ýokary halkara görkezijilerine we häzirki zamanyň ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelmelidigini belledi.

Şeýle-de Derýageldi Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen önümçilik desgalarynyň bina edilmegi, oňa gatnaşýan ýerli gurluşyk kompaniýalarynyň sanawyny kesgitlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

2022