“Türkmengaz” ýörite taýýarlanylan usul arkaly Derweze gaz kraterini söndürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmengaz” ýörite taýýarlanylan usul arkaly Derweze gaz kraterini söndürýär
Garagum çölünde ýerleşýän Derweze gaz krateri, Türkmenistan

“Türkmengaz” döwlet konserniniň hünärmenleri ýörite işlenip taýýarlanylan usul arkaly Garagum sährasynda ýerleşýän Derweze gaz krateriniň alawyny söndürýärler. Bu barada konserniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň barlaghanasynyň müdiri Irina Lurýewanyň aýdanlaryna salgylanyp, “TASS” agentligi duşenbe güni habar berdi.

“Türkmenistan Derweze gaz kraterinden çykýan zyňyndylary dolandyrmakda örän uly ösüşleri gazandy. Netijede, hut şeýle usul kratere tarap barýan gaz akymynyň gutarmagyna getirer. Biz ähli gaz goruny bar bolan guýular arkaly gazyp alarys” diýip, Irina Lurýewa aýtdy.

Irina Lurýewa bu usulyň ulanylmagynyň eýýäm kraterden çykýan metan zyňyndylarynyň düýpli azaldylmagyny gazanmaga mümkinçilik berendigini belledi.

Ýarym asyrdan bäri ody sönmeýän Derweze gaz krateri Aşgabatdan 266 kilometr daşlykda Merkezi Garagumda ýerleşýär. 1971-nji ýylda Sowet Soýuzynyň geologlary tarapyndan guýy burawlanmagy we gazuw-agtaryş işleriniň geçirilmegi esasynda gaz käniniň üstünden baryldy. Buraw işleri geçirilen pursatynda garaşylmadyk tebigy hadysa emele gelip, ol guýynyň çuňlugy 30 metre, diametri bolsa 60 metre barabar boldy. Geologlar gazdan zäherlenmegiň öňüni almak üçin ony ýakmak kararyna gelipdiler, emma ol ýerde ýakylan ot henize çenli ýanmagyny dowam etdirýär.

2022