2024: Lebap welaýatynyň ýüpekçileri 1047 tonna pile tabşyrdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
2024: Lebap welaýatynyň ýüpekçileri 1047 tonna pile tabşyrdylar
Türkmenistanda pile hasylynyň ýygnalýan pursady

Lebap welaýatynyň ýüpekçileri 2024-nji ýylyň pile möwsüminde döwlet harmanyna 1 müň 47 tonna ýokary hilli pile tabşyrdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, welaýatyň Köýtendag, Kerki, Halaç, Dänew we Çärjew etraplarynyň ýüpekçileri ýurtda ilkinjiler bolup pile taýýarlamak baradaky borçnamalaryny ýerine ýetirdiler.

Şeýle hem Daşoguz welaýatynyň pileçileri 507 tonna, Mary welaýatynyň pileçileri 410 tonna, Ahal welaýatynyň pileçileri 155 tonna, Balkan welaýatynyň pileçileri 25 tonnadan gowrak pile tabşyrdylar.

2024-nji ýylyň pile möwsüminde Türkmenistanyň döwlet harmanyna jemi 2 müň 100 tonnadan gowrak pile tabşyryldy.

Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginde dürli görnüşli ýüpek parçalar bilen birlikde, ýüpek halylar hem dokalýar. Türkmen alymlary we hünärmenleri ýüpek gurçugynyň ýurduň tebigy şertlerine uýgunlaşan we ýerli tutdan gowy ýüpek saraýan “Türkmen — 13”, “Türkmen — 16”, “Ak pile — 1” ýaly saýlama tohumlaryny hem döretdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022