“Ýeňiş” tikin fabrigi “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň geçen ýarym ýylyny zähmet üstünliklerine besledi. Şol döwürde bu ýerde dürli görnüşli köýnekleriň 180 müň 360-sy tikildi. Bu görkeziji meýilnamanyň 105 göterim ýerine ýetirilendigini aňladýar.
“Tikinçi çeper däl, biçimçi çeper” diýlişi ýaly, fabrikde zähmet çekýän hünärmenler ýylyňýylyna täze biçüwli, dürli ölçegdäki köýnekleriň sanyny yzygiderli artdyrýarlar. Şoňa görä, “Ýeňşiň” köýneklerine isleg barha artmak bilen. Ilkibada diňe erkeklere niýetlenen köýnekleri tikmäge üns berlen bolsa, häzirki wagtda çagalaryň dürli görnüşli geýimleri tikilýär. Toplumda ýurdumyzyň welaýatlaryna eltip bermek hyzmaty-da ýola goýlan. Muny sargytlaryň köpdügi bilen düşündirmek bolar. Munuň özi hyzmatyň, önümçiligiň geriminiň has-da giňemegine ýardam edýär.
Mary şäherinde ýerleşýän fabrigiň durky 1992-nji ýylda täzelenilýär. Häzirki wagtda Aşgabatda, Türkmenabatda, Arkadag şäherinde dükanlary hereket edýär. Ýurdumyzyň ähli iri söwda nokatlarynda hem bu fabrikde öndürilýän egin-eşiklere gabat gelmek bolýar. Bu ýerde buýurmalar esasynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerler üçin harby geýimler-de tikilýär.
— Biziň önümçiligimiz dokma toplumlarynyň işi bilen berk baglanyşykly. Olaryň öndürýän matalaryny tikýän egin-eşiklerimizde giňden ulanýarys. “Türkmenbaşy dokma toplumy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden, Kaka, Ruhabat dokma toplumlaryndan dürli görnüşli matalary getirip, olary tomusky köýneklerimiziň önümçiliginde giňden peýdalandyk. “Tikinçiniň ýaragy — iňňe bilen sapagy” diýlişi ýaly, häzirki ösen döwürde biziň iňňe bilen sapagymyz döwrebap tehnikalar bolup durýar. Işine ezber tehnologlarymyz Germaniýanyň, Ýaponiýanyň kämil tehnologiýalaryna ussatlyk bilen erk edýärler. Fabrigimizde 400-den gowrak adam zähmet çekip, olaryň 60 göterimi ýaşlardyr. Ýurdumyzda geçirilýän sergilerde mynasyp bolýan Hormat hatlarymyzdyr diplomlarymyz agzybir işgärlerimiziň yhlasly zähmetiniň netijesidir.
Şu ýylyň aprelinde geçirilen söwda toplumynyň sergisinde täze öndüren tomusky köýneklerimizi hödürledik. Myhmanlar olara ýokary baha berdiler. Bu ýeňsiz köýnekler şu tomusda geçginli harytlarymyzyň hataryna goşuldy. Häzirki dowam edýän mekdep bazarlaryndada “Ýeňiş” tikin fabriginiň önümleri uly islegden peýdalanýar. Täze okuw ýylyna taýýarlyk görýän ildeşlerimiz öz ýurdumyzda öndürilen döwrebap egin-eşikleri elýeterli bahadan alyp bilýärler. Biz geljekde hem işlerimizi kämilleşdirmegi, täze önümleri öndürmegi maksat edinýäris — diýip, “Ýeňiş” tikin fabriginiň direktorynyň orunbasary Berdinazar Berdiliýew söhbetdeş bolanymyzda aýtdy.
Çeşme: “Türkmenistan” gazetiniň 2024-nji ýylyň 22-nji awgustyndaky sany