Gurban baýramynyň 16-njy iýunyndaky dynç güni 19-njy iýuna geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurban baýramynyň 16-njy iýunyndaky dynç güni 19-njy iýuna geçirildi
Gurban baýramy mynasybetli geçirilýän baýramlardan bir pursat

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde 16-17-18-nji iýunda Gurban baýramynyň bellenilip geçiljekdigini we Gurban baýramyny bellemek we 16-njy iýundaky dynç gününi 19-njy iýuna — çarşenbe gününe geçirmek hakynda Permana gol çekendigini aýtdy. 

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana, ruhubelent türkmen halkynyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda kabul edildi.

Resminama laýyklykda, şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany mejlisiň dowamynda hemmeleri bu mukaddes baýram bilen tüýs ýürekden gutlady we berýän sadakalarynyň kabul bolmagyny arzuw etdi.

Gurban baýramy – ozaly bilen, maşgala baýramy bolup, her öýde myhmanlar üçin datly tagamlar taýýarlanylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022