Daşoguzdaky tapyndylar Arkadag şäheriniň muzeýine geçirler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzdaky tapyndylar Arkadag şäheriniň muzeýine geçirler
Türkmenistandaky arheologik gazuw-agtaryş işlerinden bir pursat

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mährijemal Mämmedowa anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Döwkesen geňeşliginde tapylan taryhy tapyndylary Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyrmak dabarasyny şu ýylyň 22-nji iýunynda geçirmegi teklip etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Döwkesen geňeşliginde ýaşaýjylar tarapyndan 18 sany altyn, 3 sany kümüş teňňe, şeýle hem 61 sany altyn teňňäniň bölekleri we 8 sany dürli reňkli tapyndy tapyldy. Häzirki wagtda bu gymmatly tapyndylar “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň muzeý gaznasynda saklanylýar.

Wise-premýer Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň alymlarynyň we hünärmenleriniň Ylymlar akademiýasynyň numizmatlary bilen bilelikde geçiren deslapky öwreniş işleriniň netijesinde, käbir altyn teňňeleriň ýüzünde Horezmşalar döwletiniň hökümdary Soltan Allaeddin Muhammediň we onuň kakasy Soltan Tekeşiň atlarynyň ýazylandygynyň anyklanylandygyny habar berdi.

Mährijemal Mämmedowa bu tapyndylary Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyrmak dabarasynyň çäklerinde “Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak we gorap saklamak boýunça dünýä tejribesiniň mümkinçilikleri” atly iş maslahatyny hem-de muzeý gymmatlyklarynyň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisini geçirmek göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

Habarda bellenilişi ýaly, bu tapyndylary tapan we olary döwlete tabşyrmak işlerine gatnaşan adamlara höweslendiriji sowgatlary gowşurmak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýere Daşoguz welaýatynyň çäginde tapylan tapyndylary halk köpçüligine giňden wagyz etmek, muzeý gaznasyny has-da baýlaşdyrmak maksady bilen, olary muzeýe tabşyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022