Niderlandlar Patyşalygynda 2024-nji ýylyň 10 – 14-nji iýunynda geçirilen “Green Tech Amsterdam 2024” halkara sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň oba hojalyk maslahaty geçirildi. Onuň barşynda golland kompaniýalary Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynyň mümkinçiliklerini öwrendiler.
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, bu çärä Niderlandlar Patyşalygynyň we Türkmenistanyň işewür toparlarynyň, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň hem-de ýurduň ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň ilçisi Sapar Palwanow ýurduň häzirki ykdysady ýagdaýy, daşary ýurt maýadarlary we kompaniýalary üçin döredilýän işewürlik gurşawy we şertleri barada çykyş edip, hususy pudaga we daşary ýurt maýa goýumlaryny ýurda çekmäge berilýän goldawlar barada nygtady.
Şeýle hem çärede “Ýigit” kompaniýasynyň wekili Joşgun Kerimow çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan berilýän goldawlara we döredilýän mümkinçiliklere ünsi çekip, kompaniýanyň çalt depgindäki ösüşi, onuň öz önümlerini 10 ýurtda eksport edýändigi hem-de eksport işini giňeltmek we ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça meýilnamalary barada gürrüň berdi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar oba hojalyk pudagyny ösürmäge gyzyklanma bildirýän golland kompaniýalarynyň we institutlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistana ýörite oba hojalyk saparlaryny guramagyň zerurlygy barada aýtdylar.
Suratlar: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy