Pakistanyň wekiliýeti söwda boýunça gepleşikleri geçirmek üçin Türkmenistana geler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Pakistanyň wekiliýeti söwda boýunça gepleşikleri geçirmek üçin Türkmenistana geler
Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçisi Atajan Möwlamow bilen Pakistanyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Husseýniň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 20-nji iýuny, Yslamabat, Pakistan (Surat: pid.gov.pk)

Pakistanyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Husseýniň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli wekiliýet şu ýylyň 24-26-njy iýuny aralygynda Türkmenistana gelerler we ikitaraplaýyn söwda we maýa goýumlary üçin täze mümkinçilikleri öwrenerler. Bu barada Pakistanyň milli habarlar gullugy penşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Pakistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Atajan Möwlamow bilen penşenbe güni geçirilen duşuşykda Rana Tanwir Husseýn Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň Pakistanyň hökümeti üçin ileri tutulýan ugurlaryň biridigini nygtady. Şeýle hem Pakistanyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri wekiliýetiň Türkmenistana saparynyň bu gün tertibini ösdürmekde möhüm orny eýelejekdigini aýtdy.

Ilçi Atajan Möwlamow öz gezeginde iki ýurduň arasyndaky söwda we maýa goýumlaryny has-da ösdürmek üçin bilelikdäki söwda sergisini guramagy teklip etdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Pakistanyň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň esasy maksady ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan we dürli pudaklarda hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açmakdan ybarat bolup durýar. Bu waka iki ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygy artdyrmak arkaly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky soňky tagallalaryna esaslanýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022