Azerbaýjanyň AZCHEMCO kompaniýasy Türkmenistanda suwuk görnüşli dökünleriň we agrohimiýa serişdeleriň önümçiligini ýola goýmaga taýýar . Bu barada iýun aýynda Aşgabatda geçirilen “Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähtleri” (TESC 2024) atly halkara ylmy maslahatyň çäklerinde AZCHEMCO kompaniýalar toparynyň başlygynyň orunbasary Rifat Sultan-zade mälim etdi.
Rifat Sultan-zade AZCHEMCO kompaniýasynyň suwuk we suwda ereýän çylşyrymly dökünleriň we agrohimiýa serişdeleriniň önümçiligi üçin tehnologiýalara eýedigini hem-de bu babatda öz tejribesi bilen paýlaşmaga taýýardygyny belledi. Şeýle-de Rifat Sultan-zade kompaniýanyň karbamid, kükürt we onuň kislotasy ýaly ýerli serişdeleri ulanmak arkaly Türkmenistanda suwuk görnüşli dökünleriň önümçiligini, ony geljekde bu sebitde has-da giňeltmek maksady bilen ýola goýup biljekdigini aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň elektron gazeti sişenbe güni habar berdi.
Kompaniýalar toparynyň başlygynyň orunbasarynyň aýtmagyna görä, suwuk agrohimiýa serişdeleri öndürmek üçin Türkmenistanda bar bolan iri gaz gorlaryny hasaba almak bilen AZCHEMCO kükürt çig malyny gaýtadan işlemek üçin tehnologiýalary hödürlemäge taýýardyr.
“Kärhana howanyň üýtgemeginiň meseleleri boýunça täze başlangyçlary işläp taýýarlamagy maliýeleşdirmek üçin Türkmenistanyň institutlary bilen hyzmatdaşlyga taýýardyr. Şeýle hem biz ählumumy howa meselelerini çözmekde maýa goýumlary çekmek üçin howa meseleleri boýunça “A3 Climate Fund” atly gaznanyň taslamasyny işe girizdik” diýip, Rifat Sultan-zade aýtdy.
AZCHEMCO suwuk we suwda ereýän çylşyrymly dökünleri hem-de agrohimiýa serişdeleri öndürýän Azerbaýjanyň kompaniýasy bolup, ol bu ulgamda özboluşly tehnologiýalara eýeçilik edýär.