Aşgabat şäherinde “Dokmaçylar” medeni merkezi açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat şäherinde “Dokmaçylar” medeni merkezi açyldy
“Dokmaçylar” medeni merkeziniň açylyş dabarasy, 2024-nji ýylyň 25-nji iýuny, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde sişenbe güni Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Dokmaçylar” medeni merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi.

Täze medeni merkeziň açylyş dabarasyna medeniýet işgärleri, ýurduň köp sanly raýatlary, paýtagtyň myhmanlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Açylyş dabarada aýdym-sazy çykyşlar, “Dokmaçylar” folklor-etnografiýa topary tarapyndan ajaýyp tanslar ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Dokmaçylar” medeni merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli gutlag hatyny ugratdy.

“Dokmaçylar” medeni merkeziniň täze binasynda sazandalar, tansçylar, tutuş topar üçin has ýokary şertlerde döredijilikli işlemäge ähli mümkinçilikler döredildi. Bu sungat ojagyndaky döwrebap, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan tans zallary her bir sungat işgäriniň döredijilikli işlemegine hem-de döretmegine giň ýol açar” diýip, Türlmenistanyň döwlet Baştutanynyň gutlag hatynda bellenilýär.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Dokmaçylar” medeni merkezi Aşgabat şäheriniň Seýidi köçesiniň ugrunda ýerleşýär.

2022