Türkmenistanyň Medeniýet günlerini Gruziýada geçirmek meseleleri maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Medeniýet günlerini Gruziýada geçirmek meseleleri maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýtmämmedow bilen güni Gruziýanyň Medeniýet we sport ministriniň birinji orunbasary Ioseb Bagaturiýanyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 26-njy iýuny, Gruziýa

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýtmämmedow çarşenbe güni Gruziýanyň Medeniýet we sport ministriniň birinji orunbasary Ioseb Bagaturiýa bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Medeniýet günlerini Gruziýada geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň habar bermegine görä, duşuşykda taraplar ähli ugurlar boýunça türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň işjeň ösýändigini kanagat bilen bellediler.

Ioseb Bagaturiýa öz gezeginde beýik türkmen şahyryna bagyşlanan medeni çäreleriň ýylyň dowamynda Gruziýada hem geçiriljekdigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi we Gruziýanyň Medeniýet we sport ministriniň birinji orunbasary Türkmenistanyň Gruziýadaky Medeniýet günleriniň milli medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň, türkmen halkynyň taryhynyň giňden ýaýbaňlandyrylmagyna, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň has-da baýlaşdyrylmagyna, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlugynyň we özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine berk ynam bildirdiler.

2022