Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki Baş konsuly Batyr Ýolow sişenbe güni Owganystanyň Hyrat welaýatynyň häkimi Nur Ahmad Islamjar bilen duşuşdy. Taraplar iki ýurduň arasynda üstaşyr mümkinçilikleri giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
“Bakhtar News” agentliginiň habar bermegine görä, türkmen diplomaty harytly ýük awtoulaglarynyň her günde 120-siniň Turgundy serhetýaka barlag-geçiriş nokadyndan geçirilmegini üpjün etmäge Türkmenistanyň taýýardygyny aýtdy. Şeýle hem ol “Nur-ul-Jahad” podstansiýasynda abatlaýyş işleriniň tamamlanandygyny mälim etdi.
Welaýatyň häkimi öz gezeginde, owgan miwe, bakja önümlerini we gury ir-iýmişleri Türkmenistana eksport etmäge gyzyklanmalaryny beýan etdi.
Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki Baş konsuly iki ýurduň arasynda söwda gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça Hyradyň ýerli ýolbaşçylarynyň tagallalaryna ýokary baha berdi hem-de degişli ulgamlarda hyzmatdaşlyga türkmen tarapynyň taýýardygyny belledi.
Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Nökerguly Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Owganystanyň Hyrat şäherine saparynyň çäklerinde Owganystanyň senagat we söwda ministri Nuriddin Azizi bilen duşuşdy. Duşuşygyň jemleri boýunça 10 sany şertnama we 2 sany söwda ähtnamasyna gol çekildi.