Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Abu-Dabi şäherinde 2024-nji ýylyň 7-8-nji noýabrynda “Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri” atly forumy geçirmäge taýýarlyk görülýär diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, forumyň 4-7-nji noýabrda BAE-niň paýtagtynda nebitgaz, energetika pudaklaryna, täze tehnologiýalara, öňdebaryjy işläp taýýarlamalara bagyşlanyp geçiriljek (ADIPEС) Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guralmagy meýilleşdirilýär.
Şeýle hem wise-premýer dünýäniň ýurtlarynyň iri kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini göz öňünde tutup, giň gerimli halkara gözden geçirilişiň meýdançasynda maliýe-ykdysady, nebitgaz, energetika, senagat, söwda, oba we suw hojalygy, daşky gurşawy goramak, ulag-aragatnaşyk we beýleki pudaklaryň wekilleriniň gatnaşmagynda ýurduň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryş çärelerini guramak teklip edilýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bütindünýä sergisiniň meýdançasynda guralmagy meýilleşdirilýän “Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri” atly forumyň ýokary derejede geçirilmegini gazanmagyň möhümdigini aýdyp, wise-premýere bu ugurda degişli guramaçylyk işlerini geçirmegi tabşyrdy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew şu ýylyň 15-16-njy iýulynda Daşkent şäherinde bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň, işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlislerini geçirmegiň teklip edilýändigini aýtdy.