Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

TURKMENISTANINFO.GOV.TM
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almakişler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň gowaça meýdanlarynda pagtaçy babadaýhanlarymyz tarapyndan hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.

Welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, bu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek, şeýle hem şu ýylyň güýz paslynda azyklyk oba hojalyk ekinleriniň ekiljek ýerlerini ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen birlikde, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Çeşme: TURKMENISTANINFO.GOV.TM

2022