Türkmenistan we Katar söwda gatnaşyklaryny ösdürmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar

TKDI
Türkmenistan we Katar söwda gatnaşyklaryny ösdürmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Katar Döwletiniň Söwda-senagat edarasynyň baş direktory Ali Saeed Bu Sharbak Al Mansorä kitap gowşurýar, 2024-nji ýylyň 10-njy iýuly, Katar

2024-nji ýylyň 10-njy iyulynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň Söwda–senagat edarasynyň baş direktory Ali Saeed Bu Sharbak Al Mansori bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda iki dostlukly döwletiň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, taraplar iki ýurduň arasyndaky gowy gatnaşyklaryň we giň mümkinçilikleriň bardygyny hem-de Türkmenistan bilen Kataryň dünýä energiýa bazarynda möhüm orun eýeleýändigini belläp, iki ýurduň arasynda söwda gatnaşyklarynyň has ösdürilmeginiň zerurdygyny bellediler.

Çeşme: Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçihanasy

2022
ENG TM РУС