Mary welaýatynyň gallaçylary 345 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrdylar

THP
Mary welaýatynyň gallaçylary 345 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrdylar
Galla oragy, Türkmenistan

Mary welaýatynyň gallaçylary Watan harmanyna 345 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli we gije-gündiz işledilmegi galla oragynyň ýokary depginde geçirilmegine ýardam berdi.

Bu zähmet ýeňişi döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek barada edýän yzygiderli aladalarynyň, ekerançylaryň netijeli zähmet çekmekleri üçin döredilýän şertleriň aýdyň netijesidir.

Çeşme: Türkmenistan Habarlar Portaly

2022