Türkmenistanyň daýhanlary ýurduň harmanyna 1,4 million tonnadan gowrak bugdaý tabşyrdylar

THP
Türkmenistanyň daýhanlary ýurduň harmanyna 1,4 million tonnadan gowrak bugdaý tabşyrdylar
Galla oragy, Türkmenistan

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryndan hem-de welaýatlaryň häkimlerinden ýurdumyzyň edermen gallaçy daýhanlarynyň bugdaý hasylyny ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlaryny kabul etdi. Oguzhan köşkler toplumynda geçirilen dabarada ýurdumyzyň welaýatlaryna wekilçilik edýän bagtyýar çagalaryň buýsançnamalary aýratyn joşgun bilen ýaňlandy.

Oguzhan köşkler toplumynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň elleri bugdaý desseli hem-de däneden doly horjunly ýaşajyk wekilleri Arkadagly Gahryman Serdarymyza şanly waka mynasybetli gutlag sözlerini aýtdylar.

Ähli welaýatlaryň ýaşajyk wekilleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ak bugdaýdan taýýarlanan sowgatlaryny gowşurdylar.

Soňra döwlet Baştutanymyz çagalar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, ussat gallaçy babadaýhanlarymyzyň Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak ýokary hilli bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen berjaý edendiklerini belledi.

Мöhüm ähmiýeti bolan waka mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyzyň ähli oba zähmetkeşleriniň adyndan ýörite dokalan haly sowgat gowşuryldy.

Çeşme: Türkmenistan Habarlar Portaly

2022