Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň täze başlygy bellenildi

THP
Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň täze başlygy bellenildi
«Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi

12-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, A.Aşyrowy saglyk ýagdaýy sebäpli Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşatdy.

Bu wezipä «Aşgabat» teleýaýlymynyň başlygy wezipesinde işlän M.Rejepow bellenildi.

Şeýle hem, «Aşgabat» teleýaýlymynyň başlygy wezipesine S.Begenjow bellenildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ş.Purmämmedowy «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşatdy.

Bu teleradioýaýlymyň başlygy wezipesine Ý.Kasymow bellenildi.

Çeşme: Türkmenistan Habarlar Portaly

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022