Türkmenistanda täze bilim ministri bellenildi

THP
Türkmenistanda täze bilim ministri bellenildi
Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew

12-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda bilim ministri wezipesine Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory wezipesinde işlän J.Gurbangeldiýew bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory wezipesine G. Ýusupowany belläp, ony şu ýokary okuw mekdebiniň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşatdy.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory wezipesine O. Öwezsähedow bellenildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin P. Orazowy Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesinden boşatdy.

Şu institutyň rektory wezipesine Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň prorektory wezipesinde işlän B. Mämmedow bellenildi.

Çeşme: Türkmenistan Habarlar Portaly

2022