Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýnsy kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyz syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň oňyn häsiýetini aýratyn belläp, Türkmenistanyň we Germaniýanyň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl-de, köptaraplaýyn esasda hem üstünlikli hyzmatdaşlygy ösdürýändiklerini kanagatlanma bilen aýtdy.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýene bir ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Şunuň bilen baglylykda, senagat, oba hojalyk, bank we ulag-kommunikasiýa ulgamlary ýaly möhüm ugurlar netijeli gatnaşyklaryň hatarynda görkezildi.
Saglygy goraýyş ulgamynda köp ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan türkmen-german gatnaşyklaryny netijeli hyzmatdaşlygyň mysaly hökmünde görkezip bolar.
Oňyn ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň barşynda, şeýle hem birnäçe ýyllaryň dowamynda ýola goýlan medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, halklary ýakynlaşdyrmakda we medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda möhüm orun eýeleýändigi hem-de iki dostlukly halkyň bähbidine özara Medeniýet günlerini geçirmek, muzeý işi babatda tejribe alyşmak hem-de bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da ilerletmegiň zerurdygy bellenildi.
Çeşme: THP