Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalygyny ösdürmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

THP
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalygyny ösdürmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň häkimleri, ugurdaş ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem beýleki degişli ýolbaşçylar çagyryldy. Iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy we käbir guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň oba hojalyk pudagyndaky özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, pudakda önümçilik-ykdysady gatnaşyklary has-da kämilleşdirmek, önüm öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek hem-de ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň, pagtanyň, şalynyň we gant şugundyrynyň döwlet satyn alyş bahalary ýokarlandyryldy.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek, olaryň tutanýerli we öndürijilikli işlemekleri üçin amatly şertleri döretmek, öndürilýän önümler üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek, şeýle hem oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda edýän taýsyz tagallalary netijesinde, şu ýylda bereketli türkmen topragyndan jemi 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly hem-de 2 müň 150 tonnadan gowrak pile hasyly öndürilip, uly zähmet ýeňşi gazanyldy.

Maldarçylyk hojalyklarynda mallary talabalaýyk idetmek, olaryň baş sanyny artdyrmak we önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, mallar üçin ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Şeýle hem ýurdumyzda behişdi ahalteke bedewleriniň baş sanyny köpeltmek, olary talabalaýyk idetmek we tohum arassalygyny gorap saklamak ugrunda zerur işler geçirilýär.

Daýhanlarymyz tehniki hyzmatlar, suw, mineral dökünler, tohum, himiki serişdeler bilen ýeterlik üpjün edilýär. Tabşyrylýan önümler üçin wagtynda hasaplaşyklar geçirilýär.

Bugdaý we pagta öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek üçin şu ýylyň hasylyndan başlap, bu önümleriň döwlet satyn alyş bahalary ýokarlandyryldy.

Ýurdumyzyň oba hojalyk zähmetkeşleriniň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz pudakda halkyň sarp edýän azyk harytlarynyň görnüşleriniň we öndürilýän möçberleriniň artdyrylmagy, döwlet tarapyndan satyn alynýan oba hojalyk tehnikalarynyň maksadalaýyk we netijeli ulanylmagy, oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin berlen ýer serişdeleriniň netijeli ulanylmagy, Döwlet ýer kadastrynyň ýeke-täk ulgamyny döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň çaltlandyrylmagy, ýurdumyzyň suw serişdeleriniň tygşytly peýdalanylmagy, goşmaça suw gorlaryny döretmek boýunça işleriň durmuşa geçirilmegi, suw ulgamynyň ýagdaýynyň seljerilmegi we olary gowulandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleriň görülmegi babatda görkezmeleri berdi.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň özboluşly ekologik ulgamlaryny, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak we baýlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işlere berk gözegçilik etmegi, maldarçylyk we guşçulyk pudagyny ösdürmek üçin öňdebaryjy usullary ulanmak we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etmegi, ýurdumyzda atçylygy ösdürmäge uly üns berip, atlaryň baş sanyny köpeltmegi we bu ugurda alnyp barylýan işleri ylmy esasda guramagy tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalaryň welaýatlarda öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleriň görülmeginiň, welaýatlarda desgalaryň we binalaryň gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyna we hiline berk gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

 

Çeşme: THP

2022