Lebap welaýatynda 42 kilometr bolan täze gaz geçirijileri guruldy

“Nebit-Gaz” elektron gazeti
Lebap welaýatynda 42 kilometr bolan täze gaz geçirijileri guruldy
Gazçylar gaz geçirijileri gurýarlar.

Lebap welaýatynda ilatly nokatlary gaz bilen üpjün etmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Gaz bilen üpjün etmek boýunça milli maksatnamanyň çäklerinde welaýatda 2024-nji ýylyň alty aýynda gaz torlarynyň gerimi 42 km-den gowrak artdy.

“Lebapgazüpjünçilik” müdirliginiň gurluşykçylaryna bellenilen meýilnamany 11% artyk ýerine ýetirmek başartdy. 11,8 million manat möçberde döwlet maýa goýumlary netijesinde turbalary çekmek işleri welaýatyň ähli etraplarynda we şäherlerinde ýerine ýetirildi. Olaryň aglaba bölegi Türkmenabat, Dänew, Çärjew, Saýat, Darganata etrap-şäherleriniň paýyna düşýär.

 

Çeşme: “Nebit-Gaz” elektron gazeti

2022