TASS agentliginiň habar bermegine görä, Ikinji Halkara Hazar Sanly Forumy 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Dagystanda geçiriler.
Hazarýaka sebitiniň ähli döwletleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.
TASS sebitiň Sanly Ösüş ministri Ýuriý Gamzatowyň sözlerine salgylanyp, “Hazar sebitiniň ähli döwletleriniň - Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň wekillerini çagyrdyk” – diýip belläp geçýär.
Çärä gatnaşyjylaryň ulag, logistika, ekologiýa we syýahatçylygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşjakdygy bellendi.
TASS Abdulmuslimowyň sözlerine salgylanyp: “Dowam edýän ösüşleriň barşynda ünsi diňe bir sebitleýin däl, eýsem halkara ähmiýeti bolan aýratyn ugurlara gönükdirmek möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, forumyň esasy mowzugy sanlylaşdyrma arkaly “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň ösdürilmegine bagyşlanar” - diýip belläp geçýär.
Dagystanda geçirilen ilkinji Halkara Hazar Sanly Forumyna 600-den gowrak adam gatnaşdy. Üç günüň dowamynda kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny ösdürmek, sanlylaşdyrma taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmesi üçin tehnologiki we tehniki mümkinçilikleriň elýeterliligi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Çeşme: THP