2024-nji ýylyň 23-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüş depginini bellediler.
Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gün tertibinde aýratyn orun eýeleýändigi bellenildi.
Taraplar ylym we bilim ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça gatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi