Türkmenistan Eýrana iberilýän gazyň ýyllyk möçberini artdyrmagy göz öňünde tutýar

TDH
Türkmenistan Eýrana iberilýän gazyň ýyllyk möçberini artdyrmagy göz öňünde tutýar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 28-nji awgusty, Eýran (Surat: "IRNA" agentligi)

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň gatnaşmagynda gepleşikler giňişleýin düzümde dowam etdi. Gün tertibine ikitaraplaýyn görnüşde, iri halkara guramalaryň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygyň giň meseleleri girizildi.

Gahryman Arkadagymyz Eýranyň Prezidentine mähirli garşylandyklary, görkezilen myhmansöýerlik we döredilen oňaýly şertler üçin minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan goňşy Eýran Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Eýran Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge degişli meseleleri maslahatlaşmak üçin Eýrana iş sapary bilen gelendigini aýtdy.

Gaz pudagy ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady we türkmen tarapynyň Eýrana iberilýän gazyň möçberini her ýylda 40 milliard kub metre çenli artdyrmagy göz öňünde tutýandygyny belledi. Bu maksada ýetmek üçin bar bolan gaz geçiriji infrastrukturany täzelemek, täze desgalary gurmak we munuň üçin maýa goýmak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň çäginde iki sany täze gaz gysyjy desgany we 125 kilometrlik täze gaz geçirijini gurmagyň meýilleşdirilýändigi aýdyldy. Munuň özi Eýrana iberilýän türkmen tebigy gazynyň goşmaça möçberini «Çaloýuk» gaz ölçeýji desgasyna çenli akdyrmaga mümkinçilik berer. Bu baradaky gürrüňiň dowamynda ýakyn geljekde “swap” usuly arkaly türkmen tebigy gazyny Yrak Respublikasyna we soňra Türkiýä ibermegiň göz öňünde tutulýandygy aýdyldy.

Taraplaryň pikirine görä, elektroenergetika pudagy hem özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly itergi berýär. Bu ugurda bilelikdäki işiň köpýyllyk tejribesi toplandy. Biz elektroenergetika pudagynda hyzmatdaşlygy has-da berkitmek ugrunda tagalla edýäris diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we bu babatda möhüm taslama bolan Mary — Maşat elektrik geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň ähmiýetini belledi. Güýjenmesi 500/400 kilowolta barabar bolan bu elektrik geçiriji Mary şäherinden başlap, Sarahsa we ol ýerden türkmen-eýran serhedine çenli uzalar. Onuň türkmen-eýran serhedine çenli uzynlygy 155 kilometre deň bolar.

Taraplaryň belleýişleri ýaly, ulag ulgamy hem ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda ulaglar babatda Eýran bilen özara hereketleri pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Hususan-da, ýük gatnawlarynyň artdyrylmagy möhüm wezipe bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti ýurtlarymyzyň awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyň gowy tejribesini toplandygyny kanagatlanma bilen belläp, bu ugurdaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň zerurdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideriniň geçen ýylyň maýynda Eýrana bolan resmi saparynyň dowamynda türkmen-eýran serhedinden Türkmenistanyň Gumdag şäherine çenli awtomobil ýoluny gurmak barada ylalaşygyň gazanylandygyna üns çekildi. Uzynlygy 242 kilometre deň bolan bu ýoluň gurluşygyna eýran kompaniýalarynyň gatnaşmagy teklip edildi. Geçen ýylyň noýabrynda Aşgabatda iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda agzalan awtomobil ýoluny gurmak boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekilipdi.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesine aýratyn orun berildi. Şunda özara Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň uly ähmiýete eýedigi bellenildi. Nygtalyşy ýaly, geçen ýylyň noýabrynda Eýranyň Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri guraldy. Ýurdumyzda hem eýran tarapy bilen bilelikde dürli medeni çäreler yzygiderli geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň beýik ogly, Gündogaryň meşhur şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli şu ýylyň maýynda Eýranda bilelikdäki medeni-köpçülik çäreleriniň guralandygy üçin eýran tarapyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda bu şanly senä bagyşlanan çäreleriň geçirilmegi dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz öz adyndan we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek döwlet we hökümet Baştutanlarynyň halkara forumyna gatnaşmaga çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.

 

Çeşme: TDH

2022
ENG TM РУС