AÖB Arkadag şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasyny amala aşyrýar

BT
AÖB Arkadag şäherinde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasyny amala aşyrýar
Gün panelleri

Aziýa Ösüş banky (AÖB) Türkmenistanyň Energetika ministrligi hem-de Arkadag şäheriniň häkimligi bilen bilelikde şäherde Gün elektrik stansiýasynyň synag taslamasyny amala aşyrýar. Bu barada Aziýa Ösüş bankynyň (AÖB) Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory Artur Andrisýak duşenbe güni Aşgabatda geçirilen “Ak şäher Aşgabat 2026” atly halkara maslahatynda aýtdy diýip, “nCa” agentligi habar berdi.

Türkmenistanda ilkinji bolup durmuşa geçirilýän bu taslama 2025-nji ýylda tassyklanan 1 million ABŞ dollary möçberindäki tehniki goldaw grantynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Başlangyç gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmäge we ýurtda innowasion energetika çözgütlerini giňden ornaşdyrmak üçin esas döretmäge gönükdirilendir.

Artur Andrisýagyň bellemegine görä, taslamanyň çäklerinde toplanjak tejribe geljekde ýurduň beýleki şäherlerinde, şol sanda Aşgabat şäherinde hem ulanylyp bilner.

Şeýle hem AÖB-niň Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen 2024-nji ýylda tassyklanan, umumy bahasy 1 million ABŞ dollaryna barabar bolan başga bir tehniki goldaw grantynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Bu başlangyç Türkmenistanyň ýel energiýasy mümkinçiligini öwrenmegi hem-de ýel elektrik stansiýasyny gurmak üçin amatly ýerleri seljermegi göz öňünde tutýar.

Mundan başga-da, Arkadag şäheriniň häkimligi bilen “Toplumlaýyn şäher çözgütleri” taslamasy boýunça gepleşikler geçirilýär. Taslama gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini we häzirki zaman şäher tehnologiýalaryny ornaşdyrmagy göz öňünde tutýar.

Aziýa Ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktorynyň aýtmagyna görä, bank intellektual elektrik ulgamlary, energiýa netijeliligi, maglumatlary işläp taýýarlamak merkezleri we beýleki ileri tutulýan ugurlar boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022