Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäherinde birnäçe binalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy

TDH
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäherinde birnäçe binalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy, 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýekşenbe güni paýtagtymyzda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgeleri esasynda ýaş nesli ýokary watançylyk, wepalylyk, Watanyň we halkyň geljegi üçin jogapkärçilik ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleri döretmek, olaryň häzirki zaman bilimlerini ele almaklary – parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr.

Oňyn Bitaraplygy, parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetli goňşuçylygy we netijeli halkara hyzmatdaşlygy döwlet syýasatynyň baş ýörelgeleri hökmünde yglan eden Türkmenistan diňe goranyş häsiýetli, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, halkymyzyň parahat we abadan durmuşyny üpjün etmäge, Milli Goşunymyzyň goranyş ukybyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen Harby doktrinany üstünlikli durmuşa geçirýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler şu maksatlara gönükdirilendir. Şöhratly ata-babalarymyzyň asylly däplerini mynasyp dowam etdirýän gullukçylaryň ýaş harby neslini terbiýeläp ýetişdirmek bu ulgamda alnyp barylýan işleriň ileri tutulýan ugry hökmünde çykyş edýär.

***

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýekşenbe güni Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasynyň açylyş dabarasy boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň paýtagtymyzyň binagärlik keşbini mundan beýläk hem kämilleşdirmek ugrundaky taýsyz tagallalary Aziýanyň merjeni diýlip ykrar edilen şäherimiziň okgunly ösüşinde öz beýanyny tapýar. Hemmetaraplaýyn ösen şäheriň ähli aýratynlyklaryny özünde jemleýän paýtagtymyzyň durmuş infrastrukturasy yzygiderli ösdürilýär, binagärlik toplumlarynyň üsti täze binalar we desgalar bilen ýetirilýär.

Aşgabat şäher häkimliginiň pensiýa gaznasyny, zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçilik bölümini, Baş bilim, medeniýet müdirliklerini öz içine alýan toplumynyň bina edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Toplumyň keşbinde milli binagärligiň iň gowy ýörelgeleri binagärlik we bezeg babatda häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu ýerde halkara ölçeglerine laýyk gelýän amatlyklar işgärleriň we hünärmenleriň mynasyp zähmet şertlerini dolulygyna üpjün edýär. Şunda Türkmenistanyň syýasy strategiýasynyň esasynda goýlan “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelge öz mynasyp beýanyny tapýar.

Köp gatly binadan ybarat bu toplumda 300 orunlyk mejlisler zaly, ähli amatlyklar bilen üpjün edilen 110-dan gowrak iş otaglary, 120 orunlyk naharhana, şeýle hem tehniki desgalar bar.

Iş otaglarynda işgärleriň netijeli zähmet çekmegi üçin zerur enjamlar, şol sanda, kompýuterler, mebeller we beýleki degişli serişdeler bilen üpjün edilip, bu ugurda bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär.

 

Çeşme: TDH

2022