Türkmenistanda “E-mekdep” bitewi elektron meýdança işe girizildi

BT
Türkmenistanda “E-mekdep” bitewi elektron meýdança işe girizildi
Mekdep okuwçylarynyň sapak okaýan pursady

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýalar-maglumat merkezi Türkmenistanda bilimiň sanlylaşdyrylmagyna möhüm goşant goşan mugallymlar, ene-atalar we mekdep okuwçylary üçin "E-mekdep", bitewi elektron meýdançany işe girizdi.

Elektron ulgam ene-atalara çagalarynyň okuwa gatnaşygyna netijeli gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär, olaryň gatnaşygy we ýetişigi, synpda öwrenilýän temalar, öý işleri, mugallymlaryň bellikleri, ol ýa-da beýleki derslere höwesi barada edil şol wagtda maglumat almaga mümkinçilik berýär. Maglumat islendik wagt, işde ýa-da öýde onlaýn bolsun, sms ýa-da "E-mekdep" ykjam goşundy arkaly sanly habar görnüşinde elýeterlidir.

Okuwçynyň alýan bahalary "E-mekdep" ulgamynyň ýörite programmalary, enjamlary we algoritmleri arkaly derňelýär. Bu ulgamyň kömegi bilen ene-atalar mugallymlar bilen öz wagtynda aragatnaşyk guramaga we mekdep mugallymlary hakda maglumat almaga mümkinçilik alýarlar. Häzirki wagtda "E-mekdep" meýdançasy Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň orta mekdepleriniň ählisinde ornaşdyryldy, ony beýleki welaýatlaryň orta mekdeplerinde ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. 

Şeýle sanly hyzmatlar dünýäniň ösen ýurtlarynyň köpüsinde giňden ulanylýar. Türkmenistanda 2021-nji ýyldan bäri bu meýdança boýunça işler alnyp barylýar, ol orta mekdepleriň birnäçesinde synagdan geçirilip, has kämilleşdirildi. Häzirki wagtda "E-mekdep" ulgamy doly işjeňdir, ony Google Play ýa-da Appstore goşundydan göçürip alyp bolýar.

Çeşme: “Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazeti

2022