Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 6-njy sentýabrda sanly ulgam boýunça geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow “Sanly we ýaşyl ykdysadyýet-durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň şerti” atly ylmy-amaly maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu forum hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan “Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2024-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň Sanawyna” laýyklykda şu ýylyň 20-nji sentýabrynda geçiriler. Maslahatda ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşi, maliýe-ykdysady we pul-karz syýasaty, zähmet gatnaşyklary, standartlaşdyryş ulgamy, sanly we ýaşyl ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler, durmuş goraglylygyny sanlylaşdyrmak hem-de beýleki ugurlar boýunça çykyşlar göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady ösüşine bagyşlanan ylmy-amaly maslahata gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Bu forumyň esasy maksady ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri giňden beýan etmekden ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Çeşme: TDH