Türkmenistanda pagta ýygymyna 11-nji sentýabrda başlanar

TDH
Türkmenistanda pagta ýygymyna 11-nji sentýabrda başlanar
Türkmenistanda pagta ýygymyndan bir pursat

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, oba hojalygynda örän möhüm we jogapkärli möwsüm bolan pagta ýygymynyň ýetip gelendigini aýtdy.

Bu möhüm çäräni guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda 11-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi we hormatly ýaşululardan pagta ýygymyny “bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň edermen pagtaçylaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 

Çeşme: TDH

2022