TDHÇMB-da sişenbe güni eksport geleşikleri $33,5 milliona golaýlady

TDHÇMB
TDHÇMB-da sişenbe güni eksport geleşikleri $33,5 milliona golaýlady
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen göçme birža söwdalary, 2024-nji ýylyň 5-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan

Sişenbe güni, 10-njy sentýabrda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Päkistanyň, Owganystanyň hem-de Türkiýe döwletleriniň işewürleri “Türkmennebit” Döwlet konserninden suwuklandyrylan gaz, “А-92” kysymly ulag benzin, “TS-1” kysymly awiakerosin, “SN-180, SN-350, SN-600” kysymly başlangyç ýaglary şeýle-hem “Türkmenhimiýa” Döwlet konserninden “ECO 93” kysymly ulag benzini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Hytaýdan, Gazagystandan gelen işewürler ýerli hususy kärhanasyndan arassalanan nah galyndylary hem-de erkek jalbar satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Içerki bazarda ýerli işewürler Dokma senagaty ministrliginden dürli reňklerdäki we dürli ölçeglerdäki düz boýalan we žakkard sütükli önümleri hem-de nah ýüplükleri satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 2 840 850,00 manada we 33 422 963,00 ABŞ dollaryna deň bolan 20 geleşik baglaşyldy.

 

Çeşme:  Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy

2022