Türkmen-owgan serhedinde täze demir ýol köprüsi işe girizildi

TDH
Türkmen-owgan serhedinde täze demir ýol köprüsi işe girizildi
Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde gurlan uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsi (Surat: TDH)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahund çarşenbe güni Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň “Islim-Çeşme” serhet nokadynda täze infrastruktura desgalarynyň açylyşy we gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdylar. 

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly dabaralara gatnaşyjylara hem-de ähli ildeşlerimize ýüzlendi.

Biz bu gün goňşy we sebit döwletleriniň halkyna hyzmat etjek Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga bermek dabaralaryna gatnaşýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz hemmeleri bu şatlykly wakalar bilen gutlap, türkmen halkynyň gadymdan gelýän dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerinden ugur alyp, bu gün türkmen-owgan gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini, halklarymyzyň bähbidine gönükdirilen taryhy taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, şeýle giň gerimli taslamalaryň amala aşyrylmagynyň Türkmenistanyň we Owganystanyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň aýdyň güwäsi bolup durýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz bu taslamalary goldandygy we olary amala aşyrmaga gatnaşýandygy üçin owgan tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Bu möhüm ähmiýetli taslamalar diňe bir oňa gatnaşyjy ýurtlaryň däl-de, eýsem, tutuş sebitiň döwletleriniň durmuş-ykdysady ösüşine hem oňyn täsir eder.

Soňra hormatly Prezidentimiz şu günki desgalary ulanmaga bermek we düýbüni tutmak dabaralarynyň başlanýandygyny yglan etdi.

Dabaralara Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň çagyrylandygyny bellemek gerek. Onlaýn görnüşde ýaýlyma goýberilmegi bilen, paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň maýa goýum forumyna, milli ykdysadyýetimize ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahata we ugurdaş sergilere gatnaşyjylar hem oňa göni ýaýlymda tomaşa etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, ilki bilen, “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy A.Atamyradowa söz berdi.

Agentligiň ýolbaşçysy sanly ulgam arkaly döwlet Baştutanymyza Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde gurlan uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsini işe girizmäge ak pata bermek haýyşy bilen ýüzlendi. Şeýle hem dabara Owganystanyň ugurdaş düzüminiň wekili gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz türkmen-owgan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň aýdyň nyşany bolan täze infrastruktura desgasynyň açylyşyna ak pata berdi.

Dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda köpri işe girizilýär we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy ýurduň doganlyk halky üçin niýetlenen ynsanperwerlik ýüki ýüklenen demir ýol kerweni Owganystana tarap ugur aldy.

Transkontinental ýollaryň strategik çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan durnukly ulag ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde işjeň orun eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkara üstaşyr ulag geçelgelerini, logistika merkezlerini döretmek, täze taryhy şertlerde Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça başlangyçlary muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ugurdaş infrastrukturany toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirilýär, bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär. Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde täze köpriniň gurulmagy bu ugurda nobatdaky ädimdir. Köpri türkmen hünärmenleri tarapyndan ýokary halkara standartlara laýyklykda guruldy. Onuň gurluşygynda öňdebaryjy konstruktorçylyk we tehnologik çözgütler ulanyldy. Bu desganyň işe girizilmegi iki dostlukly ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygy, sebitdäki ulag infrastrukturasyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

 

Çeşme: TDH

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022